ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ ŞERTNAMASYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAK BOÝUNÇA TOPARYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisi geçirildi.

Köptaraplaýyn gepleşiklere Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Awstriýanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Ispaniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Litwanyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Portugaliýanyň, Slowakiýanyň, Turkiýäniň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň, Şweýsariýanyň, Şwesiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmenistandan sanly ulgamy arkaly geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekili gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we halkara gün tertibiniň dünýäniň energiýa bazarlaryna täsiri bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň amaly, normatiw we hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy. 2019-njy ýylyň dekabrynda geçirilen mejlisiň gysgaça hasabaty tassyklanyldy.

Şeýle-de energetiki howpsuzlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy. Gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge ymtylýandyklaryny mälim etdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.

2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Energetika Hartiýasy boýunça Maslahatyň 28-nji Mejlisi geçirilendigini hem-de onuň dowamynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Deklarasiýasynyň kabul edilendigini ýatlamak gerek. Bu resminama energetika ulgamyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we energetiki howpsuzlygy ýokarlandyrmaga ýardam bermek maksady bilen Energetika Hartiýasynyň Prosesini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny tassyklady. 

Mejlisiň ahyrynda taraplar gepleşikleriň indiki tapgyrlaryny sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dowam etmegi ylalaşdylar.