TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de Wan Iniň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dürli sebitleýin we halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň özara goldawlarynyň işjeňleşdirilmegi gepleşikleriň aýratyn mowzugyna öwrüldi.     

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň garşysyna bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen birlikde, derwaýys sebit hem-de halkara meselelerine-de seredilip geçildi. Bu ugurda diplomatlar adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda netijeli gaýragoýulmasyz utgaşdyrylan hereketleriň guramaçylygy we geçirilmegi babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Alym-lukmanlaryň geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýetini hem-de derwaýyslygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we HHR-iň DIM-niň ýolbaşçylary çylşyrymly umumydünýä ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ýaýbaňlandyrylmagynyň wajyp häsiýete eýe bolýandygyny hem belläp geçdiler.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň öz wagtyndalygyny aýratyn nygtady, çünki ol sebit, şonuň ýaly-da halkara derejesinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagy babatynda Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek doly subut edýändir.

Ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da dürli sebitleýin hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki özaragatnaşyklaryň derwaýyslygyny we ulgamlaýyn häsiýetini aýratyn nygtamak bilen diplomatlar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň bilelikdäki hereketleriň gün teribiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny bellediler. Taraplar şeýle-de epidemiýa döwründe iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň duşuşyklarynyň dikeldilmegine we ýygjamlaşdyrylmagyna hem aýratyn üns çekdiler.