TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SENAGAT TOPLUMYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Söwda senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan onlaýn görnüşinde geçen duşuşygyň işine Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilgi ministrliginiň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.  

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Iki tarapyň hem gatnaşmagyndaky häzirki we geljekki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça, hususan-da senagat, ulag, energetika pudaklarynda ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşdylar. Maýa goýum hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça meselelere hem seredildi.