TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-EÝRAN GEPLEŞIKLERI

      2015-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary j-p Ali Nurzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi.
       Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikirleri alşyp, taraplar Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek işindäki bilelikdäki tagallalar üçin minnetdarlygyny beýan etdiler. Ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetini belläp, taraplar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek işini güýçlendirmegi ylalaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan geljekde has hem giňeltmäge gyzyklanmalaryny beýan edip, taraplaryň aýratyn ünsi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine berildi. Şunlukda, taraplar Tejen derýasynyň üstünden geçiriljek «Sarahs (Türkmenistan) –Sarahs (EYR)» täze awtomobil köprüsiniň, şeýle hem, «Sarahs–Tejen» awtomobil ýolunyň we «Aşgabat-Türkemnabat» tizlikli ýolunyň gurluşygynyň taslamalaryna eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
 
      Taraplar işewürler toparlarynyň arasyndaky dürli pudaklardaky özara gatnaşyklarynyň ösüşi bilen hoşallygyny bildirip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler.