TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibi, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda diplomatlar ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki köptaraplaýyn özarahereketleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Gazagystanyň global gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça nukdaýnazarlarynyň hem-de gyzyklanmalarynyň ýakynlygyny belläp geçdiler. Halkara meýdançalaryndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi hem-de iki ýurduň başlangyçlarynyň özara goldanylmagy ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn bölegini düzdi. 

Ministrler pandemiýa garşy ählumumy göreşi alyp barmak maksatlarynda özarabähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we berkidilmegine gönükdirilen işjeň gatnaşyklaryň derwaýyslygyny hem nygtadylar.