TÜRKMEN LIDERI WE BAE-NIŇ WISE-PREZIDENTI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIKDE DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz Dubaýyň häkimi bilen doganlarça salamlaşyp, ony, BAE-niň dostlukly halkyny yslam dünýäsiniň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy bilen gutlady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýola goýulýan diplomatik, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmeginiň taraplaryň syýasy isleglerine we bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz BAE bilen gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin, birek-birege ynanyşmak we netijeli ýagdaýda ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Häzirki döwürde wajyp mesele bolan hem-de halkara söwda ulgamynda, önümçilik işinde we daşary ykdysady gatnaşyklarda çökgünligiň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Bu wehime garşy netijeli göreşmek üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli möhüm meselä garşy göreşiň täze usullaryny işläp taýýarlamakda dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-biregi Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, iki döwletiň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.