TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEMINARY OFŞOR ZOLAKLARYNYŇ ÜSTI BILEN ALNAN GIRDEJILERIŇ KANUNYLAŞDYRMAGYNA GARŞY GÖREŞMEGIŇ ÇÄRELERINI ŞÖHLELENDIRDI

Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik  edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri 2017-nji ýylyň 11-13-nji oktýabrynda Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar.

Bu üç günlük çäräniň çäklerinde dürli zolaklarda resmileşdirilen we aýratyn salgyt düzgüni bolan kompaniýalary barlamak, şeýle hem şulara meňzeş kompaniýalary ýa-da üçünji şahslar tarapyndan amala aşyryljak maliýe jenaýatlarynyň, girdejileri kanunylaşdyrmagyň, kezzapçylygyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegiň öňüni almak  üçin ulanylýan halkara-hukuk düzgünnamalaryna, standartlaryna we gurallaryna garaldy. Bilermenler jenaýatýatçylyk ýoly bilen alynan girdejileriniň kanunylaşdyrylmagyna garşy durmak hem-de dürli jenaýatlar we düzgünbozulmalar üçin ofşor kompaniýalarynyň ulanylmagyny bes etmek boýunça halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribelerini şöhlelendirdiler. Şeýle hem wehimleri seljermegiň ulgamyny işläp düzmegine we halkara hyzmatdaşlygyny berkidilmegine degişli mümkinçiliklere garaldy.

Seminar ofşor kompaniýalarynyň ulanylmagy we işiniň dolandyrylmagy bilen bagly meseleleri gozgap, ofşor kompaniýalarynyň  alamatlary we hukuk ýagdaýlary baradaky düşünjeleri berdi.  Halkara bilermenler jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileri kanunylaşdyrmak bilen göreşiň esasy serişdesi hökmünde müşderiniň degişli barlagy barada jikme-jik maglumaty berdiler. Müşderiniň degişli barlagynyň ulgamyny düzmäge häzirki zaman dünýä çemeleşmelerini kabul etmegiň wajyp ähmiýetine üns çekildi.

«ÝHHG jenaýatçylykly ýol bilen alynan girdejileri kanunylaşdyrmaga garşy göreşmek meselesine halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen tagallalara uly ähmiýet berýär», - diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany, Ilçi Natalýa Drozd aýtdy – Türkmenistanda gurnalan bu günki çäre, jenaýatçylykly ýol bilen alynan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna garşy degişli çäreleri, şol sanda ofşor zolaklarynda ýörite çärelerini öz içine alýan  çemeleşmäniň wajyp ähmiýetini görkezýär».  

Seminaryň döwründe daşary ýurt döwletleriniň maliýe bölümleri we beýleki ygtyýarly edaralary bilen ofşor kompaniýalarynyň benefisiarilerini/eýelerini ýüze çykarmak maksady bilen maglumaty alyşmak boýunça amaly sapaklary geçirildi. Jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileri kanunylaşdyrmak bilen maliýe göreş çärelerini işläp taýýarlamagyň toparynyň (FATF) nazara alan ofşor zolaklarynyň üsti bilen şeýle howplary ýüze çykarmak we bahalandyrmak boýunça maslahatlaryna aýratyn üns berildi.