TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI ÇÄRESINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite rezolýusiýasyna laýyklykda 15 ýyl ozal döredilen Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministri gatnaşdy.

Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanmak bilen sebitiň ýurtlaryna we dünýäniň beýleki döwletlerine olar tarapyndan tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýeňip geçilmegi üçin yzygderli kömekleriň berilýändigi bellenilip geçildi.

Şu nukdaýnazardan we halkara bileleşigi tarapyndan global derejede durmuşa geçirilýän hereketlere goldaw bermek maksady bilen biziň ýurdumyz 2020-nji ýylyň başynda ýokarda agzalan gazna özüniň ilkinji meýletin goýumyny geçirdi.

BMG we onuň dünýä döwletlerine hem-de halklaryna ynsanperwerlik kömeginiň berilmeginden ugur alýan ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmek maksady bilen Türkmenistan 2021-nji ýylda Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna nobatdaky goýumynyň geçirilmegi barada yglan etdi.

Ýokary derejeli çäräniň işine BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş gatnaşdy.