TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýyla bagyşlanan sergi hem ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny dabaraly ýagdaýda okady. Onda Döwlet baştutany halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde diplomatik gullugyň möhüm ornuny nygtamak bilen, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýratyn belledi.

Çäräniň dowamynda şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blokhin, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand dagylar çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hem çykyşlary diňlendi.

Maslahatda çykyş edenler türkmen diplomatiýasynyň sebit hem-de halkara derejesinde dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ähmiýetli goşant goşýandygyny nygtadylar. Bu ugurda durmuş, ykdysady, ekologiýa we häzirki döwrüň beýleki derwaýys meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen çykyş edýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanşykly baştutanlygynyň derwaýys orny bellenilip geçildi.

Halkara işlerinde diplomatik ýörelgeleri netijeli ulanmagy başaran türkmen halkynyň gaýduwsyz pederleriniň bu ugurda gazanan belent sepgitleri hem mysal getirildi. 

Soňra Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi,  onda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň meselelerine berýän aýratyn ünsi üçin çuňňur minnetadarlyk bildirildi.

Maslahatyň ahyrynda ýaş diplomatlara we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.