YHG-NA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTAN YKDYSADY UGURLARYŇ DÖREDILMEGI UGRUNDAKY HEREKETLERI IŞJEŇLEŞDIRMÄGE MEÝILLIDIR

2021-nji ýylyň 4-nji martynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-niň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de onuň geljekde has hem ösdürilmegi babatyndaky teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.   

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzyň YHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.

Ol geljekde şu guramanyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdi, çünki bu haryt dolanşygynyň göwrüminiň artdyrylmagyna hem-de diwersifikasiýasyna gönükdirilen bolup durýandyr. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: «Şu maksat bilen, Türkmenistan YHG-nyň sebitinde ykdysady ugurlary döretmegiň üstünde işläp başlamagy teklip edýär. Biz bu ugurlary harytlaryň, hyzmatlaryň hereket edýän, maýa goýumlaryň amala aşyrylýan esasy durnukly ulgamy hökmünde görýäris» - diýip belläp geçdi.  

Şu nukdaýnazardan döwlet baştutany senagat kooperasiýasynyň, ýurtlarymyzyň önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmegiň, bilelikdäki iri üpjünçilik taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň derwaýyslygyny nygtady.