TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDA TELEWIDENIÝE WE RADIO ÝAÝLYMLARY ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň (FGUP WGTRK) baş direktorynyň birinji orunbasary A.Zlatopolskiý  bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça maglumatlary alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşlyk babatynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.  Şu ýyl üçin amala aşyryljak işleriň esasy tapgyrlary, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şaheriniň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň rus KHBS tarapyndan şöhlelendirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we WGTRK federal döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.