MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝADA SEBITLEÝIN ENERGETIKA HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA MAKSATLAÝYN TOPARYŇ (RECA) MASLAHATY

2017-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygy boýunça maksatlaýyn toparyň (RECA) 14-nji maslahaty geçirildi. Kabul ediji tarap hökmünde Türkmenistanyň Energetika ministrligi çykyş etdi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri, Halkara Energetika Hartiýasy, GDA, USAID ýaly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri şeýle hem Merkezi Aziýadaky döwletleriň energetika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda gatnaşyjylar sebitleýin we sebitara infrastruktura boýunça taslamalaryň durmuşa geçirlişi şeýle-hem maglumatlary we ylymlary alyşmak üçin ulgamlaýyn ýollaryň üsti bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alyşdylar. Halkara bilermenler serhetara söwdany giňeltmek boýunça ýol kartasyny döretmegiň usulynyň üstünde jikme-jik durup geçdiler. Milli we sebitleýin energetika howupsuzlygyny üpjün etmekde serhetara elektrik energiýasynyň söwdasynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň işi aýratyn sessiýalar görnüşinde geçdi, olaryň barşynda dürli edaralaryň bilermenleri energetika ulgamyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitleýin we sebitara aragatnaşyk we infrastruktura ulgamyna baha bermek, söwda, üstaşyr geçelgeler we kommunikasiýa işiniň kadalaryny sebitleýin ýeňilleşdirmegiň mümkinçilikleri we kuwwaty barada pikir alyşdylar. Maslahat energetika hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler üçin energetika bazarlarynyň integrasiýasy, üpjünçiligiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak we durnukly ösüşi gazanmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.