ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça Ýörite wekili Roland Kobia bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystanda howpsuzlyk çygryndaky häzirki ýagdaýy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Owganystanyň sebitleýin hyzmatdaşlygynyň gurallary meselelerini öz içine alan sebitleýin gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar Owganystandaky ýagdaýy parahataçylykly ýollar arkaly düzgünleşdirmekde goldawyny bildirip, Owganystanyň gatnaşmagy esasynda ÝB-Merkezi Aziýa Howpsuzlyk boýunça dialogyň çäginde geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyny bellediler. Merkezi Aziýada we Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň gyzyklanmalaryny, şeýle hem bu ugurda ýurduň oňyn tejribesini belläp, bu ugurda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak boýunça teklipler beýan edildi.

Mejlisiň gün tertibine terrorçylyk, radikalizm, Ýewropa Bileleşiginiň «BOMKA», «CADAP» taslamalarynyň çäginde neşe serişdelerine garşy göreşmegiň, Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň serhetleri dolandyrmak boýunça bilelikdäki hereketleriniň meseleleri goşuldy. Mundan başga-da taraplar geljekde sebitleýin integrasiýasynda Owganystan boýunça ministrler derejesindäki ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) wajyp ähmiýetini bellediler.