AŞGABATDA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK BOÝUNÇA HALKARA ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýaşlar forumy geçirildi. Forum BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasyny ýerine ýetirmek maksady bien guraldy.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurduň birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de Foruma BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, BMG-niň Ilat Gaznasynyň, BMG-niň Çagalar Gaznasynyň, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň ýaşlar baradaky Baş sekretarynyň ýörite wekiliniň edarasynyň, BMG-niň Siwilizasiýalaryň birleşigi we sebitleýin ýaşlar guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forum parahatçylygyň, ynanyşmagyň, düşünişmegiň, medeniýetara we dinara gepleşikleriň medeniýetini ösdürmek işine ýaşlary çekmegiň gurallaryny döretmek boýunça tejribe alyşmak we ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Çäräniň barşynda halkara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli gatnaşyjylar parahatçylyk medeniýetini milli, sebit we global derejelerde berkitmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny giňeltmek boýunça meýilnamalar bilen tanyşdyrdylar. Şeýle-de gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1999-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen parahatçylyk medeniýeti babatyndaky Halkara Jarnamasynyň we hereketleriň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldylar.

Forumyň netijeleriniň şu ýylyň aprel aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Ýaşlar forumynyň işine goşant goşjakdygyna garaşylýar.

Forumyň jemleri boýunça gatnaşyjylaryň Bilelikdäki ýüzlenmesi kabul edildi.