TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan, ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

Ýurtlarymyzyň möhüm strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz diplomata iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.