TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna hem-de Zenanlaryň Dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi.

Myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga rus tarapynyň üýtgewsiz ygrarlylygyny tassyklan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň şeýle ähmiýetli duşuşyklaryň geçirilmegi mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Russiýa Federasiýasy hemişe ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy boldy we şeýle bolmagynda-da galar.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barda pikir alşyldy. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu waka türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň köpasyrlyk taryhynda täze tapgyry alamatlandyryp, häzirki döwürde bu gatnaşyklaryň köp babatda netijeli we deňhukukly häsiýetini üpjün edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Döwlet  Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesiniň köpasyrlyk taryhy we medeni gatnaşyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin sarsmaz binýat boljakdygyna berk ynam bildirdiler.