BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi.

Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi çaltlandyrmak boýunça meýiller, adamlara we köpçülige işde elýeterligi üpjün etmek, mekdeplere we medisina hyzmatlaryna, hem-de oba ýerlerini we şäher ýaşaýjylaryny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmekligi guramaklyk, şol sanda hemmeleriň deň mümkinçiliklere eýe bolmaklary we hiç kimiň unudylmazlygy meýilnamasynda ýardam bermekligi çaltlandyrmak we ulag zynjyrlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak  tassyklanylýar.

Mundan başga-da kararnama sebitleýin we sebitara ykdysady integrasiýany we hyzmatdaşlygy höweslendirmek maksady bilen, şol sanda ulag infrastrukturasyny we ykjamlygy ýokarlandyrmaklygy meýilnamalaşdyrmagy kämilleşdirmeklik arkaly tagallalary birleşdirmäge, ulag aragatnaşygyny berkitmek we söwdanyň, hem-de maýa goýumlaryň ösüşinde bilelikde hereket etmäge çagyrýar.

Şeýle hem kararnamada döwletlere halkara standartlaryna we hereketlerine gabat gelýän düzgünleri we tehniki standartlary bir nusga getirmeklige gönükdirilen ulag geçelgeleriniň we infrastrukturalarynyň ösüşini meýilnamalaşdyrmakda iň ýokary hyzmatdaşlygy üpjün etmeklige teklipler getirilýär.

Kabul edilen kararnama Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň ulag ulgamyndaky hereketi hakyndaky ylalaşyga we BMG-niň ulaglary ösdürmek boýunça Ýöriteleşdirilen sebitara maksatnamasyny işläp düzmeklige  gabat gelýän 2011-nji ýylyň sentýabryndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde beýan eden  başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir möhüm ädimi hasaplanýar.