TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlise gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen duşuşdy.

 Duşuşygyň barşynda taraplar  Guramanyň häzirki gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça, şeýle hem 2021-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammitinde we Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 25-nji mejlisinde kabul edilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar birnäçe möhüm çäreleri gurnamagyň, şol sanda şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Ulag ministrleriniň nobatdaky duşuşygy bilen bagly meselelere garadylar. Sebitde umumy ykdysady ösüş üçin zerur bolan sebitleýin ulag-aragatnaşyk toplumynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen Guramanyň ykdysady gün tertibiniň durmuşa geçirilişine aýratyn ün berildi.