RSS

SOŇKY HABARLAR

24 Maý

TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XX HALKARA SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

Şu gün, 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan halkara ähmiýetli bu çäre türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr. Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Milli Geňeşiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyý...

DOWAMY
23 Maý

TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SEBITLERI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR

Şu gün, 23-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistana sapar bilen gelen Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew we «Wozroždeniýe» Taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň» ýolbaşçysy I.Bukato bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdylar. Işjeň ge...

DOWAMY
22 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramlaryň wekil...

DOWAMY
22 Maý

ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

Şu gün, 22-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda medeni-ynsanperwer ugurly...

DOWAMY
21 Maý

“TÜRKMENISTAN-ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÇÄKLERINDE ÖŇDEBARYJY AMERIKAN KOMPANIÝALARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLAR

Şu gün, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň, hususan-da “S2 Global/Rapiscan”, “Visa”, “Westport Trading Ltd” we “Boeing” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan...

DOWAMY
21 Maý

TÜRKMENISTAN BILEN KONGO RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝULDY

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Kongo Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew Kongo Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dawid Maduka bilen gepleşik...

DOWAMY
21 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ÝITI ÝOKANÇ KESELE GARŞY TAÝÝARLYGYNY WE DESSIN ÇÄRELERIŇ GÖRÜLMEGINI ÜPJÜN ETMEGIŇ MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde şu ýylyň 16-njy aprelinde tassyklanan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkm...

DOWAMY