RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Apr

21-22-NJI MAÝDA «АWAZA» MILLI SYÝAHATÇYYK ZOLAGYNDA X HALKARA GAZ KONGRESI GEÇIRILER

2019-njy ýylyň 21-22-nji maýynda «Аwaza» Milli syýahatçyyk zolagynda X Halkara gaz kongresi geçiriler. «Тürkmengaz» Döwlet konserni we «Тürkmen forum» hojalyk jemgyýeti bu ýöriteleşdirilen forumyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Geçiriljek kongress ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenlerini, halkara guramalarynyň, innowasion merkezleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekillerini, şeýle hem köpçülikleýin habar...

DOWAMY
30 Apr

TÜRKMEN SÜRÜJILERI RUSSIÝANYŇ RALLI-REÝD BOÝUNÇA ÇEMPIONATYNDA BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDULAR

Astrahanda Russiýanyň “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýd boýunça çempionaty hem-de Astrahan welaýatynyň 2019-njy ýyldaky çempionaty tamamlandy. Bu ýaryşlara Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gantaşdylar. Jemi 500 golaý adam, 240-dan gowrak ýük ulaglary, motosikller we jip ulaglar gatnaşdylar.    “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdiniň gatnaşyjylary 3 günüň dowamynda Astrahan düzlüklerinden 700 kilometrden gowrak ýoly geçdiler....

DOWAMY
29 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN TUNIS IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA

2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Mohammed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň, hususan-da syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gepleşikleriň barha artandygyny kanagtlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degi...

DOWAMY
29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalygyň atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Bin Raşid Bin Isa Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Bahreýniň wekiliýeti türkmen tarapyna türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmaga döredilen müm...

DOWAMY
29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuku Murjikneli bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag, energetika we bilim ulgamlaryndaky  ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň ...

DOWAMY
29 Apr

«SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK» AÝYNYŇ ÇÄKLERINDE DIPLOMATIK KORPUSYNYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» aýynyň çäklerinde, Türkmenistanyň DIM-i aprel aýynyň dowamynda Aşgabat şäherindäki diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň toparlarynyň gatnaşmagynda birnäçe sport ýaryşlaryny gurnady. 6-7-nji aprelde sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçirilen ýaryşlarda, birinji orna Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň wekili mynasyp boldy, ikinji we üçünji orunlary...

DOWAMY
29 Apr

ASTRAHANDA HAZARYŇ GORANMAK EDARALARYNYŇ WEKILIÝETLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federaiýasy) Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň (HDDUI) binýadynda 2018-nji ýylyň awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazar ýurtlarynyň Baştutanlarynyň V Sammitiniň barşynda gol çekilen Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen bagly bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralar...

DOWAMY