RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Sen

DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ ÝB BILEN ÖZARAHEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň özarahereketleriniň giň toplumy babatynda pikir alyşdylar. Hususan-da, taraplaryň soňky aýlarda dürli meýdançalarda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edild...

DOWAMY
22 Sen

DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň diplomatik işini tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda hytaý diplomaty Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň strategiki taýdan möhüm hyzmatdaşlar bol...

DOWAMY
21 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde emele gelen dostlukly, a...

DOWAMY
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşandy hem-de berýän ünsi üçin Prezident Arif Alwä tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, biziň döwletlerimizi hem-de halklarymyzy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý dostluk we hyzmatdaşlyk däpleriniň baglan...

DOWAMY
18 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça işjeň ýagdaýda pikir alşyldy hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriniň derejesine garaldy. Taraplar hökümetara gatnaşyklarynyň ilerledilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm orny barada aýtdylar. Şeýle hem...

DOWAMY
17 Sen

AŞGABATDA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ NOBATDAN DAŞARY MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi boldy. Oňa Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyza gelen Premýer-ministri Askar Mamin gatnaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä we sazlaşykly ösüşe eýedigini hem-de hyzmat...

DOWAMY
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRDI

2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi.   Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklara sarpa goýýarys hem-de olary ikitar...

DOWAMY