RSS

SOŇKY HABARLAR

3 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.   Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa bolan saparyny aýratyn mähirlilik bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şol saparyň barşynda Rimde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyk...

DOWAMY
2 Sen

ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA GATNAŞYJY DÖWLETLERINIŇ HUKUKLARY WE BORÇNAMALARY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRÝÄR

2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ÝHHG tarapyndan guralan «Bütindünýä Söwda Guramasynda agzalygyndan gelip çykýan mümkinçilikleri we borçnamalary: ÝHHG gatnaşyjy döwletleriň tejribeleri» atly üç günlik onlaýn maslahat öz işine başlady. Maslahatyň esasy maksady BSG-na goşulmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriniň tejribelerini öwrenmekden, şeýle hem milli söwda syýasatyny has-da kämilleşdirmek üçin indiki ädimlere goldaw bermekden ybaratdyr. Du...

DOWAMY
2 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZYSTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler göni wideoaragatnaşyk arkaly guraldy. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň III Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda pikirleri alyşdylar. Şeý...

DOWAMY
2 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ OWGANYSTANYŇ MB-NYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenista...

DOWAMY
31 Awg

TOPH GAZ GEÇIRIJISINIŇ TASLAMASY ÜSTÜNLIKLI DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Kabul şäherinde «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň owgan böleginde «Ýer serişdelerini saýlap almak boýunça Özara düşünişmek barada Ähtnama» gol çekmek dabarasy geçirildi. Ähtnama owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Şäher ösdüriş we ýer serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji M.Karzaý, türkmen tarapyndan «TAPI Pipeline Company Ltd.» paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde «Türkmengaz» Döwl...

DOWAMY
31 Awg

AŞGABATDA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASYNYŇ ESASLANDYRYJY MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi, oňa onlaýn görnüşinde dünýäniň 10-dan gowrak ýurtlaryndan öňdebaryjy hünärmenler we itşynaslar gatnaşdylar. Mejlise jemi 200 golaý wekil gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny durmuşa geçirmek maksady bilen Aşgabatda «Türkmen alabaý itleri» Assosiasiýasy döredildi. Gün tertibine laýyklykda, mejlisiň başynda oňa gatn...

DOWAMY
28 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Netijeli gepleşikleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň ýolbaşçylygyna türkmen-koreý gatnaşykl...

DOWAMY