RSS

SOŇKY HABARLAR

5 Iýun

TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dördünji tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fransiýanyň wekiliýetine Fransiýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa departamentiniň direktory F.Mondoloni ýolbaşçylyk etdi.   Gepleşikle...

DOWAMY
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE GEÇIRILEN GEŇEŞMELER

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler.  Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Dünýäde pandemiýa ýagdaýy zerarly ýüze çykan me...

DOWAMY
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILI BÜTINDÜNÝÄ UMMANLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN ONLAÝN MASLAHATYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda «Gök ykdysadyýet we COVID-19 pandemiýasy: Täze wehimler, dikeltmek we durnuklylyk boýunça çäreler» tema boýunça Bütindünýä ummanlar gününe bagyşlanan onlaýn görnüşindäki maslahat geçirldi. Bu çärede türkmen tarapyna Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanow wekilçilik etdi. Bu çäräniň guramaçysy bolup, Halkara ummanlar instituty çykyş etdi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar täze koronowirus ýokanjynyň “Gök ykdysadyýete” we Dünýä ummanyna, şol sanda kenarýa...

DOWAMY
4 Iýun

TÜRKMEN-TATAR IŞ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň nobatdaky wideokonferensiýa görnüşindäki mejlisi geçirildi. Wekiliýetlere Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.A.Karimow we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhamedow dagylar ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň barşynda türkmen-tatarstan hyzmatdaşl...

DOWAMY
4 Iýun

«ENI» ITALÝAN KOMPANIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA ÝERINE ÝETIRIJI WISE-PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen aç...

DOWAMY
3 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped” binasynyň açylyş dabarasy hem-de köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Geçirilen dabaraly çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurt habar beriş...

DOWAMY
2 Iýun

RF-NIŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Senagat we söwda ministri A.Karimow bilen duşuşygy geçirildi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda türkmen wekiliýetine şonuň ýaly-da «Türkmenhimiýa» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmendeňizderýaýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň ýolbaşçylary, Türkm...

DOWAMY