RSS

SOŇKY HABARLAR

29 Maý

TÜRKMEN-ÝAPON PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň wekilleri, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatda ýapon wekiliýetine Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Maliýe meseleleri boýunça müdirliginiň direktory Matsuşita Şinpeý ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşy...

DOWAMY
29 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI UKRAINANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Ukrainanyň döwlet ýolbaşçysynyň resmi rezidensiýasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskä ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň adyna ýollan salamlaryny, hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenski ukrain tarapynyň Türkmenista...

DOWAMY
29 Maý

SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri E.Asrandiýew, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Täj...

DOWAMY
28 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn, 27-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamy hökmünde, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlary...

DOWAMY
28 Maý

ÝOKARY DEREJELI ÇÄREDE COVID-19 ÝOKANÇ KESELINIŇ ÝAÝRAÝAN DÖWRÜNDÄKI ÄHLUMUMY ÖSÜŞI MALIÝELEŞDIRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly COVID-19 ýokanç keseliniň ýaýraýan döwründäki we ondan soňky ählumumy ösüşi  maliýeleşdirmek meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, Ýamaýkanyň Premýer-ministri Endrýu Holness tarapyndan guraldy. Çärä BMG agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri...

DOWAMY
28 Maý

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER GULLUGY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmaklarynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini hem-de häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar bileli...

DOWAMY
28 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DÖM-NYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA SEMINAR GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara seminar geçirildi.          Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy-ýurtlaryň, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrleriniň derej...

DOWAMY