TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ SUW MESELELERI BOÝUNÇA SEBIT DÜZÜMINIŇ DÖREDILMEGINIŇ BAŞYNY BAŞLAÝAR
2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Bir ýarym sagatlyk uçuşdan soňra Prezidentimiziň uçary Täjigistanyň paýtagtynyň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde Prezident Gurbanguly Be...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ YKDYSADY WE DURMUŞ GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANYLDY
2018-nji ýylyň 13-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşine (ECOSOC) 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (ECOSOC) - Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzümleriniň biri bolup, ykdysady, durmuş ulgamlarynda, saglygy goraýyş we bilim pudaklarynda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň we düzümleriniň işi...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE WEKILI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň täze bellenilen direktory doktor Paulina Karwowska bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda täze bellenilen direktor saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy dürli keselleriň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we BSG-niň hyzmatdaşlygyna oňyn baha berdi we bu abraýly ha...
AŞGABATDA DINE UÝMAK AZATLYGY MESELELERI BOÝUNÇA TEGELEK STOLY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda dine uýmak azatlygy meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi. Gepleşikleriň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Müftiliginiň, şeýle hem dürli dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary giriş sözi bilen çyky...
AŞGABATDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 5-nji iýunynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň maslahatlar zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi - ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti gurady. Şu halkara foruma ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylyml...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. Ir bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeginde - Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerindäki aýla...
DEGIŞLI DOLANDYRYŞ WE YKDYSADY ÖZARA BAGLANYŞYK - ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITL MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
?Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady. Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça 21 sany agza-döwletlerinden we hyzmatdaşlaryndan 120 golaý wekil gatnaşdy. Çärä halkara guramalaryň, y...