RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSG BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGI BOÝUNÇA NOBATDAKY MEJLIS GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmak bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda geçen mejlise ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işler...

DOWAMY
15 Apr

WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY TÜRKMEN-UKRAIN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edralarynyň arasynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideo aragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Ýakymly salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-ukrain gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdiler. Geňeşmeleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Ş...

DOWAMY
15 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY YKDYSADY IŞINI ÖSDÜRMEGIŇ MAKSATNAMASYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI UTGAŞDYRYJY TOPARYŇ BIRINJI MEJLISI

Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň 30-dan gowrak ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Mejlisiň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Içeri işler ministrlikleriniň we beýl...

DOWAMY
14 Apr

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BIRNÄÇE HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA

2020-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna, hususan-da durnukly ulag ulgamyndaky şertnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmak meselesi boýunça iş duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt bilermenleri hem gatnaşdy.   Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan...

DOWAMY
10 Apr

HALKARA PUL GAZNASYNYŇ TÜRKMENISTAN BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇYSY BILEN SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça ýolbaşçysy Natalia Tamirisa bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we bütindünýä gün tertibine degişli ykdysady mese...

DOWAMY
10 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN TÜRKI DILLI GEŇEŞIŇ SAMMITINE GATNAŞDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy bolup durýan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň nobatdan daşary Sammitine gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen Sammit Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň baştutanlaryny özünde jemledi. Çärä şonuň ýaly-da Wengriýanyň Premýe...

DOWAMY
10 Apr

AHHG-NYŇ DÖWLETARA UTGAŞDYRYJY SUW HOJALYK TOPARYNYŇ 78-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň suw hojalyk pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 78-nji mejlisi geçirildi. Agzalan duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşy...

DOWAMY