RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Dek

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...

DOWAMY
15 Dek

ÝHHG TÜRKMENISTANDA TEBIGY BETBAGYTÇYLYKLARDA WE AGYR ÝAGDAÝLARDA ADATDAN DAŞARY KOMEGIŇ GURALLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAKLARYNY GURNADY

2017-nji ýylyň 14-15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet topary we beýleki degişli edaralar üçin “Tebigy betbagytçylyklarda we adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli täsir etmegiň gurallary” atly hünär okuwlary geçirildi. Iki günlik çäre adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk görüş işlerine bagyşlandy, şeýle-hem adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetiň...

DOWAMY
11 Dek

BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretaryň orunbasary Olga Algaýerowa bilen duşuşygy boldy. Türkmenistan bilen Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ähmiýetliligine laýyklykda dürli ugurlada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň arasyndak...

DOWAMY
4 Dek

AWSTRIÝANYŇ KOMPANIÝALARY TÜRKMENISTANDA BILELIKDÄKI TASLAMALARA GYZYKLANMA BILDIRDILER

2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda paýtagtda ýerleşýän “Arçabil” myhmanhanasynda türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi we oňa gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň wekilçilikli topary Aşgabada geldi. Işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Awstriýanyň wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem söwda, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ulag we logistika, energetika, maşyn gurluşygy, inženerçilik tehnologiýalary, gurluşyk, syýahatçylyk we beýleki ulgamlara...

DOWAMY
4 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Awstriýanyň tarapynyň wekiliýetine Ýewropanyň işleri, integrasiýa we daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günorta Ýewropa, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary departamentiniň ýolbaşçysy Katarina Wizer ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda syýasat, ykdysadyýet, ulag we daşky gurşawy go...

DOWAMY
1 Dek

TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ HOWANDARLYGYNDAKY WEKILIÝETI HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI

2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Wenada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky resmi wekilleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň dowamynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barda Kararnamanyň kabul edilendigi bellenildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi bitarap Tü...

DOWAMY
1 Dek

PRESS RELEASE

On February 2, 2017 Resolution titled “International day of neutrality” was adopted at the 71st session of the United Nations General Assembly. The resolution declaring 12 December as the International Day of Neutrality, was introduced by Turkmenistan. The document states that the national policy of neutrality helps to promote peace and security regionally and globally and plays a significant role in developing peaceful, friendly and mutually beneficial relations. According to the resolution,...

DOWAMY