TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
SOŇKY HABARLAR
BOSGUNLAR TOPARY AŞGABAT 2017-Ä MINNETDARLYK BILDIRÝÄRLER
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan bosgunlar toparynyň agzalary dünýä derejesinde geçiriljek geljekki ýaryşlarda hem bosgunlara gatnaşmaga mümkinçilik döredilmegine uly umyt bildirýärler. Bäş sany türgen: Paulo Amotun Lokoro, Wiýual Puok Deng, Gaý Nýang Tap, Ukuk Utloo Bul we Ýieh Pur Biel dagylar Keniýanyň Naýrobi şäherinde Tegla Lorupeniň esaslandyran Parahatçylyk gaznasy tarapyndan guralan synag oýunlaryndan soň Aşgabat 2017-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar....
YAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA 5 AZIÝA OÝUNLARY DABARALY AÇYLDY
2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezienti Gurbanguly Brdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň görnükli döwlet işgärleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi. Edaranyň bi...
Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşinde Türkmenistanyň we Braziliýanyň bilelikdäki ýüzlenmesi
2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bilelikdäki Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” ýüzlenmesi, dünýäniň köp sanly adam hukuklary çygryndaky daşary ýurt hökümet we halkara bilermenleri tarapyndan goldaw tapdy. Şunuň bilen, ABŞ-niň Ženewa...
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Aziada gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklary galdyryldy
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýaryşlara gatnaşýan ýurtlaryň 5-siniň baýdaklaryny galdyrmak dabarasy boldy. Şol ýurtlaryň wekiliýetleri eýýäm Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler. Düýn Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylan, baýramçylyk lybasyna beslenen baýdak sütünli meýdançada şu gün agşam ýene-de hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Gadyrly myhmanlar aýdym-...
AFRIKALY BOSGUNLAR TOPARY SPORTUŇ ÝEŇIL ATLETIKA GÖRNÜŞI BOÝUNÇA YLGAW ÝODAJYGYNDA ÝARYŞAR
Aşgabat 2017-ä gatnaşýan bäş türgenden ybarat bolan bosgunlar topary mälim edildi we sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Wekiliýet toparynyň ýolbaşçysy Kenýanyň meşhur ylgaýjy zenany Tegla Lorop bolup, onuň ýanynda başga-da iki sany wekil we tälimçi bolar. Bäş sany bosgun türgen bolan - Polo Amotun Lokoro (1500m), Wiýual Puok Deň (400m), Gaý Ýaň Tap (800m), Ukuk Uthu Bul (3000m) we Ýeh Pur Biel (800m) “Tegla Lorop” adyndaky Parahatçylyk Guramasynyň Naýrobide gurnan ý...
AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR
2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...