RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Ýan

ÝB WE MERKEZI AZIÝA: ÝAŞYL GELJEK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI IŞLER ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

Žozep Borrell Fonteles,  ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili / Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti (HR / VP) 2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Merkezi Aziýadan, Owganystandan we Ýewropa Bileleşiginden dostlar Berlinde Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahata gatnaşarlar. Men iki sebäp boýunça bu maslahata çakylygy uly höwes bilen kabul etdim: Birinjiden, howanyň üýtgemeginiň meselesiniň çözülmeginiň neneňsi...

DOWAMY
27 Ýan

HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YGTYÝARLY WEKILLERINIŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 27–nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň altynjy mejlisi öz işine başlady. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkme...

DOWAMY
23 Ýan

AŞGABATDA TÜRKMEN-GERMAN IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-German iş toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, german tarapyna bolsa – Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysady işler we energetika ministrliginiň Daşary syýasat departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp m...

DOWAMY
21 Ýan

WENGRIÝADA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-WENGER TOPARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer özarahereketleri giňeltme...

DOWAMY
21 Ýan

«EURONEWS»-YŇ WEKILI BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Euronews» habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça Baş direktory Roland Nikolaou bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda teleradioýaýlymlar ulgamyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, bilermenlik başarnyklarynyň we tejribeleriniň alyşylmagy arkaly maglumat materiallaryny taýýarlamak babatynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  «Eur...

DOWAMY
21 Ýan

KIPR RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Andreas Zinonos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-kipr gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy...

DOWAMY
20 Ýan

BUDAPEŞT ŞÄHERINDE TÜRKMEN-WENGER IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmen-Wenger bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen-wenger işewürlik maslahaty Wengriýanyň eksporty ösdürmek boýunça agentligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guraldy. Forumyň dowamynda iki tarapyň topar ýolbaşçylarynyň hem-de Wengriýanyň bank ulgamynyň şeýle hem hususy kärhanalaryň ýolba...

DOWAMY