RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Sen

TÜRKMENISTAN TERRORÇYLYKDAN AZAT BOLAN PARAHATÇLYGY GAZANMAK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ KODEKSINE GOL ÇEKDI

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri terrorçylykdan azat bolan parahatçlygy gazanmak boýunça hereketleriň Kodeksine gol çekdi. Türkmenistanyň ýokarda agzalan halkara resminamasyna goşulmagy, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn resminamalardan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişine biziň ýurdumyzyň berk ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.

DOWAMY
30 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ KONTRTERRORÇYLYK MÜDIRLIGINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, Kontrterrorçylyk müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow bilen duşuşdy.  Taraplar BMG bilen Türkmenistanyň BMG-niň Global kontrterrorçylyk strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, BMG-niň agza döwletleriniň arasyndaky halkara terrorçylyga, ekstremizme we beýleki howplara garşy göreş ugrundaky bor...

DOWAMY
30 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ SYÝASY WE PARAHATÇYLYK GURUJY MESELELER BOÝUNÇA BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň syýasy we parahatçylyk gurujy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rozmari A.Dikarlo bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar wajyp halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkeziniň işjeňligi bellenildi, durnuklylygy, howpsuzlygy we Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşini üpjün etmek boýunça merkeziň täze başlangyçlary aýrat...

DOWAMY
30 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AZ DEREJEDE ÖSEN ÝURTLAR, ÖSÜP GELÝÄN ÝURTLAR WE ÖSÜP GELÝÄN KIÇI ADA DÖWLETLERI BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Fekitamoeloa Utoikamanu bilen duşuşdy. Taraplar geljekki Wena Meýilnamasynyň işleriniň orta möhletde gözden geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Ýokary wekil 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen BMG-niň ulag boýunça Ilkinji Global maslahatynyň dowamynda orta atylan Aşgabat prosesin...

DOWAMY
30 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ YKDYSADY WE DURMUŞ MESELELERI BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary jenap Lýu Çženminiň arasynda duşuşyk geçirildi.    Duşuşygyň barşynda taraplar 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen milli maksatnamalardyr meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça giňişleýin pikir...

DOWAMY
30 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BAE-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdalla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegini kanagatlanma bilen bellediler. Diplomatlar halkara guramalarynda, ilkinji nobatda BMG-niň we YHG-nyň çäklerinde Türkmenistan bilen BAE-nyň özara gatnaşyklaryn...

DOWAMY
30 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINSITRI BILEN OMANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ DUŞUŞYGY

BMG-niň BA-nyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Ýusuf bin Alaui bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi. Hususan-da, taraplar nebit-gaz we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini hem-de Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman geçelgesiniň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

DOWAMY