RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Sen

BMG-NIŇ 74-NJI SESSIÝASYNYŇ ÇÄKLERINDE SAGLYGY GORAÝYŞ HYZMATLARYNYŇ ÄHLUMUMY JEMLENILMEGI MESELELERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Saglygy goraýyş ulgamynda syýasy Jarnamanyň kabul edilmegi bilen Ýokary derejeli hepdeliginiň bäş sany esasy sammitleriniň birinjisi öz işine başlady. Ol “Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi: has sagdyn dünýäni emele getirmek üçin bilelikde” atly şygar astynda geçirildi. BMG-niň BA-nyň saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy jemlenilmegi meseleleri boýunça sammitinde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Sagly...

DOWAMY
23 Sen

Türkmen işewürleri gawuny Awstriýa eksport etmäge girişdiler

Indi Wenanyň ýaşaýjylary hem süýji, şireli we hoşboý ysly türkmen gawunlaryna mynasyp baha berip bilerler. Awstriýa Respublikasynyň paýtagtyna Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda ýetişdirilen gawunlaryň 18,5 tonnasy eltildi. «Gyzyl gülaby» atly meşhur gawuny «Turope Consult GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýan «Ter önüm» hojalyk jemgyýeti tarapyndan eksporta iberilýär. Ekologiýa taýdan arassa karton gutulara gaplanan güneşli türkmen topragynyň bu nygmaty «Volvo» kysym...

DOWAMY
23 Sen

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA SAMMIT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň çäklerinde BMG-niň Baş Sekretary A.Guttereşiň başlangyjy boýunça Howanyň üýtgemegi ulgamyndaky hereketleriň 2019 sammiti geçirildi. Çärä BMG-niň BA-nyň 74-nji mejlisiniň ýokary derejeli çärelerine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýorka gelen bu guramanyň agza-döwletleriniň dürli derejelerdäki wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çärä Türkmenistandan hem ýokary derejeli wekiliýet gatn...

DOWAMY
23 Sen

AŞGABATDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХII MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar. DTYB-nyň maslahaty başlanmazdan ozal onuň wekilleri döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp guralýan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Günüň ikinji ý...

DOWAMY
23 Sen

TÜRKMENISTANYŇ JSIM BARLAGHANASY BSGG-NIŇ ÄHLUMUMY ULGAMYNA GIRIZILDI

2019-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň (JSIM) Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bütindünýä sag...

DOWAMY
23 Sen

TÜRKMENISTAN BILEN MAROKKO PATYŞALYGY KÖPTARAPLY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINE YGRARLYDYGYNY BELLEDILER

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministriliginde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Döwlet sekretary Muniýa Busettanyň ýolbaşçylygynda wekiliýeti Aşgabada geldi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda, şol sanda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yn...

DOWAMY
23 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy.  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýala...

DOWAMY