TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TBILISI ŞÄHERINDE HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ IKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-25-nji oktýabry aralygynda Tbilisi şäherinde halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gruzin bilelikdäki toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa bu ýurduň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky awtoulag gatnawlarynyň möçberi barada piki...
MOSKWADA GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwada «Сколково» tehnoparkynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. GDA gatnaşyjy-döwletleriň ýokary derejeli wekilýetleri, şeýle-de, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.Lebedew mejlise gatnaşmak üçin Moskwada jemlendiler. Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň çäklendirilen düzümdäki mejlisiniň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady hyzmatdaşlygyň meselel...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI IKI ÝURDUŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR
2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Baku şäheriniň Kongressler merkezinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Foruma gatnaşýanlygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň - 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklygy kabul eden ýurduň Prezidenti bitarap Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” we köpta...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ SAMMITINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň agza-ýurtlarynyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagtyna iş sapary bilen geldi. Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti Sammitiň geçirilýän ýeri bolan Baku şäheriniň Kongresler merkezine ugrady. Bu Forumy Azerbaýjan 2019-2022-nji ýyllarda Goşulyşmazlyk hereketine başlyklyk ediji...
Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
Şu gün türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Bu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňelýändiginiň, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar şol hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar....
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYNA GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 24-26-njy oktýabry aralygynda Astrahan şäherinde geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň «Häzirki zaman lukmançylygynyň derwaýys meseleleri» atly IV Halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň lukmançylyk senagatynyň gazananlarynyň hem-de türkmen-halkynyň medeni mirasynyň tanyşdyryş sergisi guraldy.
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Tokioda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, taraplaryň köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan tagallalaryny berkiden ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda: “Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndak...