TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANLY MUGALLYM ASTRAHANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MEKDEBINDE OKADYP BAŞLADY
Rus tarapynyň çagyrmagy esasynda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda Astrahan welaýatyna türkmen dili mugallymy Resul Şajiýew geldi, ol Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylaryny türkmen dili dersleri boýunça okadyp başlady. Türkmen dili Astrahan welaýatynda ilkinji sapar okadylýandyr. Etnik türkmenleriniň ýaşaýan Funtowo obasynyň ýaşaýjylary bu habary uly şatlyk bilen garşyladylar. Şeýlelikde ilkinj...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE EÝRANYŇ MARY ŞÄHERINDÄKI BAŞ KONSULY BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Rasul Jafari bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlary dogrusynda gürrüň etdiler. Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamyndaky we ko...
OWGANYSTANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň biziň ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mirwaýs Nab bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sazlaşykly pugta...
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýerkebulan Sapiýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereket...
TÜRKMENISTAN WE ÝTÖB KÖPTARAPLAÝYN ÖZARAHEREKETLERIŇ PUGTALANDYRYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR
2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belläp geçdiler we ýurdumyzda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän taslamalara, şeýle hem ÝTÖB-n...
TÜRKMEN-GERMAN ÖZARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Naýthart Hýöfer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň «Ýol kartasynyň» ähmiýetli ugurlaryny...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm resminamalary kabul etmegi mynasybetli brifing
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmegine, şeýle hem Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň degişli düzümleriniň, daşary döw...