TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
NUR-SOLTANDA DOGLUŞYŇ BELLIGE ALYNMAGYNYŇ WE RAÝATSYZLYGYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA MERKEZI AZIÝA SEBITLEÝIN MASLAHATY
2019-njy ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Nur-Soltanda, Gazagystanda «Doglanda hiç kim unudylmaly däldir» ady bilen hukuk barabarlygynyň we raýatsyzlygyň öňüniň alynmagynyň meseleleri boýunça Ikinji sebitleýin maslahat geçirildi. Maslahat BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komiteti (UNHCR) tarapyndan Gazagystan Respublikasyndaky adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan diwan bilen bilelikde BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany...
ÝHHG-NYŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda ÝHHG-nyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ÝHHG-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça resmi beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada bellenilişi ýaly, forumyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we hazarýaka döwletleriniň hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle-de çärä Özbegistan Respublikasynyň we Bolgariýa Res...
GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ WEKILLERI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYGA ÝOKARY BAHA BERÝÄRLER
2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orubasary - Ýerine ýetiriji sekretary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyklyk etmeginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň we çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini belläp geçdiler....
MAGTYMGULY-PYRAGY ADYNDAKY (ASTRAHAN WELAÝATY) WE A.S.PUŞKIN ADYNDAKY (AŞGABAT Ş.) MEKDEPLERIŇ ARASYNDA ILKINJI WIDEO-KÖPRI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Astrahan welaýatynyň Priwolžsk etrabynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly-Pyragy adyndaky umumy bilim berýän mekdebiň we Aşgabat şäheriniň A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň arasynda ilkinji wideo-köpri geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili, RF-niň Magaryf ministriniň orunbasary P.S.Zenkowiç, Astrahan welaýatynyň Gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji I.Ý.Babuşkin we beýleki adam...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BILDIRIŞI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Bildirişi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bäsleşik yglan edýär. Resminamalaryň kabul ediş möhleti 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 2-den 20-e çenli, sagat 9-dan – 18-e çenli amala aşyrylýar. Goşmaça m...
BAE-DE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLYGY AÇYLAR
2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny açmak baradaky Karara gol çekdi. “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilen bu resminama Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de ilata ko...
UNESCAP-YŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA BMG-NIŇ ARAL DEŇZI BASSEÝNI ÜÇIN ÝÖRITE MAKSATNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ştab-kwartirasynda Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň barşynda geçirilen «Daşky gurşaw we heläkçilik: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde boşluklaryň doldurylmagy» atly ugurdaş çäräniň çäklerinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetler...