TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMEN-ÖZBEK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ikitaraplaýy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAR-NYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hanym Keitumetsi S.T. Metthews bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasat, söwda, ykdysadyýet, şeýle hem medeniýet we ynsanpwerwerlik ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesine seredip geçdile...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYGYŇ BEÝANNAMASY
2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY
2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Foruma hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbigatynyň wekilleri bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlar geldiler. Forumyň dabaraly açylyşy «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbi...
TÜRKMENISTAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN GATNAŞYKLARYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky gözbaşyny 1992-nji ýyldan alyp gaýdýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup durýand...
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary, Hökümetara okeanografiki komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary W.E.Rýabinin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar ylym-bilim we medeniýet ulgamyndaky gat...
«АWAZADA» TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) wise-prezidenti hanym Betsi Nelson bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we ÝTÖB-nyň arasyndaky özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman bilelikdäki taslamalaryň diňe bir Türkm...