RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Noý

WENADA TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ 10 ÝYLLYGY BELLENILDI

2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bu jemgyýet bilen bilelikde döredijilik agşamyny geçirdi. Çäräniň hormatly myhmanlary hökmünde Awstriýanyň ministrlikleri we döwlet edaralarynyň wekilleri, Wenada şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri, bu ýurduň işewürleri, Wena diplomatik akademiýasynyň p...

DOWAMY
pic
21 Noý

AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTINIŇ SAPARY DOWAM EDÝÄR

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär.  Türkmenistana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy. Soňra Prezident Ylham Alyýew paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy. Şeýle hem ol ýerlerde belent mertebeli myhman üçin ýörite tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.

DOWAMY
pic
21 Noý

AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabat şäherine resmi sapar bilen geldi.   Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.

DOWAMY
pic
21 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA SAPARY

2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidiň gurluşygynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Owganystana bardy. Şunuň bilen birlikde, metjidiň düýbüniň tutulýan güni Akina demir ýoluna ýene 10 km gurmaklyk üçin ikinji tapgyrynyň g...

DOWAMY
pic
20 Noý

AŞGABATDA “TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY – 2018” ATLY ХХIII HALKARA MASLAHAT WE SERGI AÇYLDY

2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly däp bolan ХХIII halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen gutlagynyň okalmagy bilen dabaraly ýagdaýda açyldy. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ý...

DOWAMY
pic
20 Noý

ÝHHG-NYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR

2018-nji ýylyň 21-24-nji noýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary jenap Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary bilen gelmekligine garaşylýar. Saparyň çäklerinde ÝHHG-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, Bilim ministrliginde hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda duşuşyklary bolar. Şeýle hem ýokary derejeli myhmanyň Aşgabat şäherin...

DOWAMY
pic
17 Noý

BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASYNYŇ SEBITLEÝIN MERKEZI SEBITIŇ ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ÝYGNAGYNY GURNADY

2018-nji ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň guramagynda Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 8-nji her ýylky duşuşygy geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekowyň açmagynda geçirilen bu çärä Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary we BMG...

DOWAMY