SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp taraplar Türkme...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDÄKI TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksa...
PRESS-RELIZ
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurduň ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna laýyklykda Türk...
TÜRKMENISTANYŇ PAÝTAGTYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXI MASLAHATY BOLDY
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahaty geçirildi. DTYB-nyň XXI maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra “Mekan” köşgünde maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlardaky türkmen kowçumlaryndan wekiller, DTYB-nyň toparlaýyn...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY GAZANANLARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky i...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINE GATNAŞAR
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin iş sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine gitmegine garaşylýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejede geçiriljek mejlisiniň belent münberinden çykyş etmegi göz öňüne tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyk...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY
2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyj...