TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen halkara maslahatlarynyň jemleýji resminamalar netijelerini resmileşdirdi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamalary hökmünde Türkmenistanda geçirilen şu aşakda görkezilen halkara maslahatlarynyň netijeleri çap edildi: Summary statement of the International Conference on transport and transit corridors: interconnectedness and development 2023, held in Ashgabat on 3 and 4 May 2023 (click to open full document); Outcome statement of the OSCE International Conference entitled “The role of neutral States in strengthening s...
TÜRKMENISTAN BILEN LITWANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, litwa tarapyna - Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredilip geçildi. Taraplar ulag we logistika infrastrukturasy, energetika, daşky gurşaw m...
TÜRKMEN-ITALÝAN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, Ilçi Janluka Grandiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösüşiniň mümkinçilikleri barada piki...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NYŇ BAŞ EDARASYNDA TERRORÇYLYGA GARŞY ÝOKARY DEREJELI HEPDELIGE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 19-20-nji iýunynda Nýu-Ýorkda Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşýar. 19-njy iýunda wekiliýetiň ýolbaşçysy esasy çäräniň ikinji mejlisinde - BMG-a agza ýurtlaryň Terrorçylyga garşy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde çykyş etdi. W.Hajiýew öz çykyşynda Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýany durmuşa geçirmek ü...
TÜRKMENISTANDA SLOWAKIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildi...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝEWROPA PARLAMENTINIŇ AGZALARY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşdy. Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýän parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar B...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPARLAMENT BILEN KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyna syn berildi, şeýle hem “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy Türkmenistan b...