RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Maý

«ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY» BAÝRAGYNYŇ GOWŞURYLMAGY MYNASYBETLI DABARALAR

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň çäklerinde GDA-nyň «Arkalaşygyň Ýyldyzlary» atly esasy ynsanperwerlik baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Sungat, ylym we bilim ulgamynda gazananlary üçin alymlaryň we medeniýet işgärleriniň on birisi bu baýragyň eýeleri boldular. Arkalaşygyň baýragy Türkmenistanyň wekiline – ýurdumyzyň halk artisti, opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýewe hem gowşuryldy. «Arkalaşygyň Ýyldyzlar...

DOWAMY
15 Maý

AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ ХIV FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumy öz işine başlady, oňa gatnaşmak üçin Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan 200-den gowrak wekiller Türkmenistanyň paýtagtyna geldiler. Şu ýyl forumyň temasy - «Arkalaşygyň umumy ynsanperwerlik giňişligi: medeniýet, ylym, bilim ulgamynda gatnaşyk» bolup durýandyr. Plenar mejlisleriniň we...

DOWAMY
15 Maý

ASTRAHANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Russiýanyň Astrahan şäherindäki Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygy Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap brifing geçirdiler. Birifinge Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady aragatnaşyklar, senagat, ulag...

DOWAMY
15 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Hormatly myhmanlar!  Gadyrly dostlar! Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara forumyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle medeni çä...

DOWAMY
15 Maý

AŞGABATDA GDA-NYŇ TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA UTGAŞDYRYJY GEŇEŞINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞUK

2019-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin gelen bu Geňeşiň başlygynyň orunbasary I.Kuzmin bilen duşuşyk geçirildi. Myhman Türkmenistan tarapyndan GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi boýunça alnyp barylýan taýýarlyklaryň ýokary derejesini belläp geçdi we bu çäräniň oba hojalyk ulgamynd...

DOWAMY
14 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna şu ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen XIV forumyny hem-de...

DOWAMY
14 Maý

ÝUNESKO-NYŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA HALKARA SUW MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 13-14-nji maýynda Parižde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Halkara suw maslahaty geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.   Suw serişdeleriniň dolandyrylyşynyň pudagara çemeleşmeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden suw serişdelerini öndürmek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagy, şeýle hem suw boýunça dürli halkara...

DOWAMY