Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli birek-birege gutlaglaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda netijeli döwletara g...
KHBS ÜÇIN HABAR
2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 30-njy aprelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işiniň çäklerinde wideo-konferensiýa arkaly gepleşikler geçirildi, oňa Komitetiň başlyklary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we «Itoçu Korporeýşn» kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ulaglar we enjamlar kompaniýasynyň Prezidenti Hiroýuki Subaý dagylar gatnaşdylar.
Taraplar ýokary döwlet hem-de hökümet derejesinde alnyp barylýan Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky...
MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag daşamalaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjyny bile...
KHBS ÜÇIN HABAR
30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunlukda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara özarahereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi.
Häzirki ýagdaýlarda özara go...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNISEF-IŇ WEKILLERI BILELIKDÄKI RESMINAMANYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN DUŞUŞYK GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de ÝUNISEF-iň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika...
BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy gatnaşdylar.
Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna g...
TÜRKMENISTAN GOŇŞY OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERDI
2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi.
Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan e...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET TOPARYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ BSG-DA SYNÇY DEREJESINI ALMAGYNYŇ MESELESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri BSG-sy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk hereketleri ara alyp ma...
TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GURNALDY
2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretary Urban Rusnak göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi.
Energetika Hartiýasynyň alyp barýan işine we onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan leksiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň bar...