Tapylan netije sany: 2712
DIM-DE PANDEMIÝANYŇ ÝURDUŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÝAGDAÝYNA ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ GOWŞADYLMAGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
M...
TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA SYNÇY DEREJESINDE GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA
2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda bellenip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş” atly maslahat geçirildi.
Maslahatyň iş...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI SAGLYGY GORAÝŞYŇ BÜTINDÜNÝÄ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly 73-nji sessiýasy geçirildi.
Sessiýa BSG-niň agza-döwletleriniň Saglygy goraýyş ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, BSG ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary hem-de BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili gatnaşdylar.
Maslahatyň açylyşynda...
HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi.
Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi.
Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisde iki ýurduň döwlet serhetlerinden demirýol we awtoulag ýükleriniň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi babatyndaky özarahereketleriň...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ EKSPORT MÜKINÇILIKLERI WE IMPORTA BOLAN ISLEGLERI BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport mükinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-Senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Bu duşuşyk gatnaşyjylara Türkmenistan bilen RF-nyň arasyndaky...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ OBA HOJALYK MINISTRLERINIŇ WE FAO-NYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Wideoşekilli maslahatyň barşynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň oba hojalygy boýunça ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurtlarda oba hojalygynyň ösüşi we azyk önümleriniň üznüksiz öndürilme...
GÖZEGÇILIK-GEÇIRIŞ NOKATLARYNYŇ IŞLERINI DOLANDYRMAKDA ULANYLÝAN LUKMANÇYLYK BAŞARNYKLARYNYŇ ÖWREDILMEGI BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ OKUW MASLAHATY
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işlerini dolandyrmakda ulanylýan lukmançylyk başarnyklarynyň öwredilmegi boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahaty öz işine başlady. Bu seminar ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi we BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasy bilen bilelikde guraldy.
Okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet serhet, migrasiýa we gümrük gulluklarynyň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Onlaýn görnüşde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şol sanda Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» döwlet agentliginiň, şeýle hem Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň wekilleri gatnaş...
GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINE AGZA ÝURTLARYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrleriniň täze koronawirus ýokanjynyň meseleleri boýunça onlaýn duşuşygy geçirildi.
Geçirilen çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiligi üçin uly wehime öwrülen koronawirus ýokanjyna garşy umumy güýçleriň utgaşdyrylmagy ýaly häzir...