Tapylan netije sany: 2712
Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi
2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň edara binasynda daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen döredilen «Daşky gurşawy goramak meseleleri boýu...
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/74558SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu Peethambaran Nair bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar mähirli salamlaşdylar we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararnamasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ähmiýeti barada bellediler.
Taryhy we medeni...
TÜRKMENISTANDA ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖNÜNI ALMAK ÜÇIN SANJYMLARY HASABA ALMAK IŞI DOWAM ETDIRILÝÄR
Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işi işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ilatyň saglygyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler pugtalandyrylýar.
Ylmyň gazananlarynyň esasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça epidemiologik gözegçilik ulgamynyň netijeliligi yzygiderli ösdürilýär.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak işi dowam e...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARY MEDENIÝET WE BILIM ULGAMLARY BOÝUNÇA IŞLERI KÄMILLEŞDIMERK MESELELERINE SERETDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda geçen 2020-nji ýylda amala aşyrylan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle-de şu ýyl üçin geçiriljek işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Mej...
TÜRKMENISTAN WE OMAN SOLTANLYGY ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINE GYZYKLANMA BILDIRÝÄRLER
2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, oman tarapyna – Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Saýýid Badr bin Hamad bin Hamud Al-Busaidi ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-oman gatnaşyklaryna degişli meselel...
TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ ARASYNDA MILLI WE SEBITLEÝIN DEREJELERDE HYZMATDAŞLYK ETMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň we onyň düzümleriniň ýurtdaky we sebitdäki ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Mejlis gibrid formatynda geçirildi, ýagny käbir gatnaşyjylar zalda bolup, olaryň käbirleri-de wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly çärä gatnaşdylar.
Hususan-da, duşuşyga BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň...
TÜRKMENISTAN BILEN AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE YGRARLY
2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideo ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi, logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanşyklylygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň meseleleriniň giň toplumyn...
BAE-NE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRNÄÇE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda bolýar.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň (IRENA) wekilleri bilen işjeň duşuşyklary geçirdi.
2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň oru...