Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY DÜNÝÄ SYÝASATYNDA YNAMY DIKELTMEGIŇ WE ÖZARA HORMATA ESASLANÝAN GEPLEŞIKLERIŇ MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gysga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly işjeň pikirler alşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda GDA-nyň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak ugrunda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi, şeýle-de sebit we halkara meseleleri agzap geçdi. Ministr halkara-hukuk kadalaryny dikeltmegi...
TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde gatnaşyjylar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk ugurda hyzmatdaşlyk şolaryň arasynda esasylarynyň biri hökmünde maslahatlaşyldy.
Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etmek bilen, GDA-nyň çäklerinde döredilen...
AŞGABADA HAJ WE DIN IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRIŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY OWGAN WEKILIÝETI GELDI
Şu gün, 6-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap geçdiler.
Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz b...
TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELERIŇ BARŞYNDA MÖHÜM MESELELERIŇ BIRNÄÇESI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 8-nji aprelinde iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, ýapon tarapyna — Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa işleri boýunça Býurosynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ministriň kömekçisiniň orunbasary Şuiçi Tokuda ýolbaşçylyk etdiler.
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
Aşgabada iki günlük sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky eýran hökümet wekiliýeti geldi.
Şu gün, 8-nji aprelde Eýranyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.
Soňra Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeler geçirildi. Ministr Muhammad Jawad Zarif sapary guramagyň ýokary derejesi üçin türkmen tarapyna — Daşary işler ministri...
TÜRKMEN-EÝRAN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ GEŇEŞMELERINIŇ BARŞYNDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Agzalan ugur boýunça özara hereketleriň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnamak b...
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/78953MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEK TÜRKMENISTAN BILEN EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNYŇ ARASYNDA
8-nji aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriniň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi.
Taraplar global pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeler gowşanyndan soň, ýüzbe-ýüz görnüşde bilelikdäki medeni çäreleri guramak boýunça gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, wekiliýetler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de bu sene myna...
TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow, katar tarapyna bolsa Söwda-senagat edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary Mohammad Bin Ahmad Al-Kuwari ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de iki döwletiň energiýa, söwda, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen döwl...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 13-nji aprelinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatynda ministrleriň derejesindäki ikinji mejlisine taýýarlyk görmekden ybarat.
Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi.
HHR-nyň Daşary işler ministriniň orun...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ YKDYSADY-EKOLOGIKI UGRY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde göni we sanly ulgam arkaly ÝHHG-niň ykdysady-ekologiki ugry boýunça Komitetiniň «Biodürlülik we howpsuzlyk – daşky gurşawyň ýaramazlaşmagynyň howpsuzlyga, şol sanda biodürlüligiň azalmagyna ýetirýän täsiri» atly mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi, Ilçi M.Akmyradow gatnaşdy.
Öz çykyşynda M.Akmyradow gatnaşyjylara Aral deňzini halas etmek boýunça hem-de sebitde ekologiki we durmuş-ykdysady ýagdaýlary gowulandyrm...