Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY
2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr.
Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükle...
TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI WE GÜNORTA AZIÝA: SEBITLEÝIN ÖZARABAGLANYŞYK. HOWPLAR WE MÜMKINÇILIKLER” ATLY HALKARA MASLAHATA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy.
Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 250-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Olaryň arasynda döwlet we hökümet baştutanlary, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebit gurama...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ IKITARAPLAÝYN DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 16-njy iýulda «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly halkara maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidentine ýollan salamyny we çuňňur hormatyny beýan etdi.
Häzirki döwrüň derw...
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzak...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN ÝAŞLARY BILEN GEÇIREN UMUMY SAPAGYNDAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliniň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlary, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demok...
TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA YNSANPERWER ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň ýanyndaky Günorta Aziýa ýurtlary we Arkalaşyk boýunça Döwlet ministri Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly gepleşigini geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibine degişli pikirler alyşyldy. Owganystan boýunça ynsanperwer häs...
AWAZADA GEÇIRILEN MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA KABUL EDILEN RESMINAMALAR BMG-NIŇ BA-NYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu çäre bilen birlikde ýokarda agzalan Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy hem geçirildi.
Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul edildi. Zenanlaryň dialogynyň netijeleri boýunça Me...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA DIALOGY IŞJEŇ GOLDAÝAR
2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Goňşy ýurtdaky ýagdaýlar bolsa onuň esasy temasy boldy.
Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.
Şeýle-de duşuşyga Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri gatnaşdylar.
Onlaýn görnüşinde geçen gepleşikleriň barşynda Owgan...
ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI DÖWLET EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ PANDEMIÝA DÖWRÜNDE JEMGYÝETÇILIK WE KHBS BILEN ÖZARA HEREKETLERI BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRÝÄR
7-nji sentýabrda pandemiýa döwründe we saglygy goraýyş bilen bagly bolan adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we habar beriş serişdeleri bilen netijeli özara hereket etmekleri boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahatyna badalga berildi.
Gyrgyzystandan we Ysraýyldan bolan halkara bilermenler döwlet edaralarynyň KHBS wekilleri bilen işjeň özara gatnaşyklarynyň guralmagy boýunça öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler.
Okuwa gatnaşýan Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň medi...
OWGANYSTANYŇ GOŇŞY DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen guraldy.
Geňeşmelere şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we t...