Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA MINISTRLERIŇ KÖPTARAPLAÝYN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy.
ABŞ-nyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige şonuň ýaly-da dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyj...
KHBS BOÝUNÇA 23-NJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-10-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde onlaýn hem-de göni gatnaşyk görnüşinde ÝHHG-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça 23-nji maslahaty geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň temasy «Merkezi Aziýada KHBS-leriň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy» boldy.
Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan hökümete, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, raýat jemgyýetine hem-de ylmy b...
«BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ WE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY REZOLYUSIÝASY KABUL EDILDI
2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan bir agyzdan kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY AÝLAG HYZMATDAŞLYK GEŇEŞI BILEN ÖZARAGATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGI MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretariýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Er-Riýad şäherindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriniň Geňeşiň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we gepleşikler boýunça orunbasary bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary Geňeş bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol sanda, taraplaryň bar bola...
ŽENEWADA OWGANYSTANDAKY YNSANPERWERLIK MESELELERI BOÝUNÇA MINISTRLER DEREJESINDE MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgaml...
TÜRKMENISTANYŇ WE GFR-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Ministr raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin german hökümetiniň adyndan Türkmistana çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şunlukda, Türkmenistan tarapyndan öz howa giňişliginiň ulan...
«C5+1» GÖRNÜŞDÄKI MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYKDA HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda «C5+1» görnüşinde Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşky gurşaw goramak meselelerine jogapkär edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar howanyň üýtgemegi, klimat çökgünliginiň, hususan-da, onuň azyk howpsuzly...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
AŞGABATDA STATISTIKI MÜMKINÇILIKLERI BERKITMEGIŇ WE MILLI DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ UGURLARY BOÝUNÇA HASABATLARY HÖDÜRLEMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
17-nji sentýabrda statistiki mümkinçilikleriň berkidilmegi hem-de milli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleri, şeýle-de Durmuş-ykdysady meýilnama we Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy boýunça hasabatlary hödürlemek babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça mejlis geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň Gün tertibi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörä...