Tapylan netije sany: 2712
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana döwlet sapary başlandy.
Ertir, 28-nji noýabrda doganlyk ýurduň Baştutany Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA ÝOKARY DEREJELI GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinden ýokary derejeli myhmanyň awtoulag kerweni Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra iki ýurduň Baştutanlary özleri ü...
EMOMALI RAHMON AŞGABADA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana iş sapary amala aşyrylar. Saparyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Baştutany 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşar.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany resmi garşy almak çäresinden soňra bu ýerde Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleriniň söhbe...
PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi 28-nji noýabrda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi.
Ýokary derejeli myhmany Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde resmi garşy almak dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady...
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ibrahim Raisi 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiril...
GAZAGYSTANYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde myhmany Türkmenistanyň resmi adamlary garşy aldylar. Şu ýerde şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeşligi geçirildi. O...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow türkmen paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar.
Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikleriň geçiri...
ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN PAÝTAGTYNA IŞ SAPARY BILEN GELDI
Şu gün, 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
Saparyň dowamynda Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasyny...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana iş sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar.
Şeýle hem, saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow...
YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE HEM-DE ONUŇ DAŞYNDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÄHMIÝETI BEÝAN EDILDI
2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-nyň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de Guramanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine oňyn täsirini ýetirýän özboluşly geoykdysady ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geografiki, taryhy umumylyklary, şeýle-de däp-dessurlary we gymmatlyklary bolan YHG-na gatnaşyj...