Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE ENERGETIKA WE ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MUNDAN BEÝLÄK HEM ÖSDÜRILMEGINIŇ ÄHMIÝETINI BELLEDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow YHG-nyň 15-nji Sammitindäki çykyşynda, şeýle hem energetiki meseleleriniň üstünde durup geçdi we ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi.
“Türkmenistan ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy YHG-nyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görýär” – diýip Döwlet Baştutany nygtady. Ol şeýle hem häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň bu ugurlarynyň global ykdysady ösüşiň kesgitleýji dessurlary hökmünde çykyş edýändigini...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ 15-NJI SAMMITI GEÇIRILDI
Şu gün, 28-nji noýabrda - Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynda ýolbaşçylyk edýär. Döwletimiz tarapyndan bu gurama başlyklyk şu ýylyň 4-nji martynda Türkiýede onlaýn görnüşde geçen YHG-nyň ýolbaşçylarynyň 14-nji sammitiniň barşynda kabul edildi....
YHG-NYŇ 15-NJI SAMMITINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GURALDY
2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabadyň “Garagum” otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Birifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň başynda Ykdysady Hyz...
AŞGABATDA «PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi.
Webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topar...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DUŞANBE ŞÄHERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
Şu gün, 30-njy noýabrda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň netijelerini...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBEDE GEÇIRILEN «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 14-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy 14-nji mejlisi geçirildi.
Forumyň işine «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.
Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we...
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginde sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatd...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi döwlet Baştutanyny Hindistan Respublikasynyň Güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem-de “Hindistan — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli sammite gatnaşmaga çagyrýar.
Narendra Modi öz hatynda Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy barada belleýär.
"Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak b...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 2-3-nji dekabrynda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde ÝHHG-niň agza-döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisi, ÝHHG-niň häzirki başlygy, Şwesiýanyň Daşary işler ministri A.Lindeniň baştutanlygynda geçirildi.
Mejlisiň işine ÝHHG sebitiniň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Hemişelik wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem 10 sany hyzmatdaş-ýurtlaryň wekiliýetleri hem gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda ÝHHG-niň agza-döw...
DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ÝUNISEF-IŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýazi bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Gepleşikleriň dowamynda Mohammad Faýazini ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň...