Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GYÝANLYDA GAZHIMIÝA TOPLUMY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy bolan polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gyýanly şäherçesine bardy.
Bu dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň, şeýle hem daşary ýurt kompa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYÝANLYDA GEÇIRILEN NAHAL EKMEK ÇÄRESINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizilmegi bilen 1000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik beren Gyýanly şäherçesiniň polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, soňra täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agajy ekmek bilen güýzki nahal ekmek möwsümine badalga berdi.
Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna halk hojalygynyň pudaklarynyň hemmesiniň diýen ýaly wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de Türkmenistanda akkredit...
ÝHHG TÜRKMENISTANDA ENERGETIKA INFRASTRUKTURASYNYŇ DESGALARYNYŇ TERRORÇYLYK HÄSIÝETLI KIBER HÜJÜMLERINDEN GORAGY BOÝUNÇA AMALY OKUW GURADY
2018-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan goraglylygy güýçlendirmek onuň esasy meselesi bolup çykyş etdi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boý...
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/20213GYÝANLY POLIMER TOPLUMYNYŇ INNOWASIONLYGY WE NETIJELILIGI HALKARA ŞAHADATNAMALARY BILEN BELLENILDI
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Gyýanly gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda täze önümçiligiň netijeliligi, innowasion we ekologiki taýdan howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamalary gowşuryş dabarasy boldy.
Kärhanada ýylda 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndüriljek 5 milliard kubmetr gaz gaýtadan işleniler.
Innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän bu kärhananyň aýratyn ünsi daş-töwrege akdyrylýan gazlaryň täze filtrasiýalarynyň we olaryň geljek...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŽENEWADA “DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEK ÜÇIN SPORTDA MAÝA GOÝMAK” ATLY MEJLISŇ IŞINE GATNAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça mejlisiniň Bütindünýä maýa goýum hepdesiniň forumynyň çäklerindäki “Durnukly ösüşe maýa goýmak” ady bilen geçýän, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça mejlisi, Halkara Olimpiýa komiteti bilen birlikde “DÖM-na ýetmek üçin sportda maýa goýmak” atly mejlisi gurnaldy.
Mejlise BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Maýkl Möller, Halkara Olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti Huan Antonio Samaranç, bell...
AŞGABATDA «HAZAR DEŇZI – GARA DEŇZI» HUG TASLAMASY BOÝUNÇA BILERMENLER DUŞUŞYGY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Aşgabatda Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem ÝB-niň Kontakt burosynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda «Hazar deňzi – Gara deňzi» halkara ulag geçelgesiniň (HDGD–HUG) taslamasy boýunça dört taraplaýyn bilermenler duşuşygy öz işine başlady.
Çykyşlaryň dowamynda wekiliýet ýolbaşçylary agza-ýurtlarynda bar bolan ykdysady mümkinçiliklerini bellemek bilen, köptaraplaýyn özaragatnaşyklarynyň gün tertibinde ulag hyzmatdaşlyg...
HAZAR DEŇZI TESWIRNAMASYNYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERINIŇ 3-NJI MEJLISI
2018-nji ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda Hazar deňzinde biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň 3-nji mejlisi geçirilýär. Maslahata Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşýarlar...
https://austria.tmembassy.gov.tm/tk/news/20661“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETINIŇ RUMYNIÝA IŞ SAPARY
2018-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Rumyniýanyň Parlamentiniň Deputatlar Palatasynyň deputaty, türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Istwan-Ýanoş Antalanyň çakylygy esasynda, türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň agzalary bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Rumyniýada iş saparynda boldy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Parlamentiniň türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň agzalary, deputatlar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň ba...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mariýa Magdalena Grigoreniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynda amala aşyrylan işleriň üstünde durup geçdiler we geljekde olary ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, taraplar ulag ulgamyna aýratyn üns berd...