Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT SENATYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Ruyssiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ŽOGORKU KENEŞINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Talant Mamytowy kabul etdi.
Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, myhman döwlet Baştutanymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTANYŇ MILLI MAJLISINIŇ OLI MAJLISINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşende şäheriniň Başlygy Rustam Emomalini kabul etdi.
Myhman ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Täjigistan Respublikasynyň Pr...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ OLIÝ MAJLISINIŇ SENATYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow MA döwletleriniň we RF Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PARLAMENTARA FORUMYNYŇ AŞGABAT JARNAMASY
2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşyjylar bolan biz;
Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň parlamentlerine wekilçilik etmek bilen;
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiý...
AŞGABATDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işine başlady. Dialoga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri gatnaşýarlar.
«Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly plenar mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, GDA gatnaşyjy ýurtlarynyň...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ ÄHMIÝETI
Belläp geçilişi ýaly, Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogy öz işini dowam edýär. Mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň möhüm ähmiýeti bellenildi, şeýle hem parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegindäki döwletleriň gazanan üstünlikleri barada nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksa...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ ILKINJI DIALOGYNYŇ MEJLISINDE JEMLEÝJI RESMINAMA KABUL EDILDI.
Şu gün, 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň ilkinji Dialogynyň mejlisinde gatnaşyjylar milletara dialogyň ilerledilmegi we parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegi üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogynyň geçirilmeginiň wajypdygyny bellediler.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Dialogyň hereket etmeginiň birin...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ WE RUSSIÝANYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ JARNAMASY
Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri bolan biz, sebitiň taryhynda ilkinji gezek çagyrylýan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna berýän goldawy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlaryna hoşallyk bildirýäris.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, p...
TÜRKMEN WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy.
Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy....