Tapylan netije sany: 2712
TÜRKMENISTAN WE EÝRAN MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Daşary işler Ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýil bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Ol saparyň barşynda ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de medeniýet we sungat ulgamynda özara gatnaşyklaryna itergi berýän birnäçe resminamalara gol ç...
DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ŞWESIÝANYŇ ILÇISINIŇ YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Şwesiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp geç...
KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýionyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Kubanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we golda...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MONGOLIÝANYŇ TÄZE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Mongoliýanyň täze bellenen ilçisi Dorji Baýarhuu ( oturýan ýeri Astana ş.) bilen duşuşdy.
Türkmen tarapy ynanç hatynyň nusgalaryny kabul edip, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt bildirdi we Ilçiniň bu ugurdaky işlerine hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE AWSTRALIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Awstraliýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Greým Miham Lesli bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda, Awstraliýanyň Ilçisi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny Daşary işler ministrliginiň orunbasaryna gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek hem-de özgertmek işinde ü...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE EÝRANYŇ KOOPERATIWLEŞMEK, ZÄHMET WE DURMUŞ ABADANÇYLYGY MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri jenap Soulat Mortazawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde soňky ýyllarda özgermegini dowam edýän giň tejribä we deňhukuklyga, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini...
AŞGABATDA EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN YKDYSADY SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.
Bu sergi dostlukly ýurt bolan Eýranyň ylmy-senagat işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar pudagyndaky iň täze gazanan üstünliklerini görkezmegiň oňat mümkinçiligi bolup, goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlaryny giňden beýan etdi.
Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “GAZPROM” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynyň iri energetika kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildir...
AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝEWROPA WE HALKARA IŞLER BOÝUNÇA FEDERAL MINISTRI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Gepleşigiň barşynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada ähmiýetli pikirler alyşyldy. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem iki ýurd...
TÜRKMENISTANDA ÝUNESKO-NYŇ KAFEDRALARYNY DÖRETMEK BARADAKY ŞERTNAMALARA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY
2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi.
Bu çärä Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekiller...